Soňky habarlar

Arhiw

Futbol tälimçisi Maksim Belyh Türkmenistanyň futzal ýygyndysyny türgenleşdirmäge gatnaşýar

12:0522.01.2020
0
4469

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisiniň kömekçisi Maksim Belyh häzirki wagtda türkmen futzalçylaryny Aziýa çempionatyna taýýarlamaga hem gatnaşýar. Bu barada milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiç «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda şeýle diýdi:

― Hor­wa­ti­ýa­ly kär­de­şim, uly fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­nyň tä­lim­çi­si An­te Mi­şe­niň kö­mek­çi­si Mak­sim Be­ly­hyň gat­naş­ma­gyn­da tür­gen­le­şik pursat­la­ryn­da fi­zi­ki taý­ýar­lyk de­re­jä­mi­zi art­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns ber­dik.

Ýeri gelende aýtsak, milli ýygyndymyzyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­däki türgenleşikleri 10 günläp dowam etdi. On­da tür­gen­ler bi­len top­suz iş­le­nildi. 7-nji ýan­war­dan tak­ti­ki taý­ýar­ly­gy art­dyr­ma­k boýunça türgebleşiklere girişildi.

― Her gün ýö­ri­te tas­sykla­nan me­ýil­na­ma esa­syn­da iki wag­ty­na tür­gen­le­şik iş­le­ri­ni alyp bar­ýa­rys. Bi­ziň bu tür­gen­le­şi­gi­miz üç hep­de­läp do­wam eder ― diýip, baş tälimçi gürrüň berýär.

Maksim Belyh futbol karýerasyny tamamlandan soňra «Ahal» futbol toparynda Röwşen Meredowyň kömekçisi bolup işledi. Geçen ýyl futbol ýygyndymyzyň başyna geçen Ante Mişe ony öz tälimçiler toparyna çagyrdy. Maksim Belyh, esasan, fiziki taýýarlyk boýunça tälim berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň