Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mähri Pirgulyýewanyň täze aýdym-saz toplumy çykdy

22:2820.01.2020
0
60465

Şu gün paýtagtyň «Aşgabat» restoranynda aýdymçy Mähri Pirgulyýewa özüniň «Ýyldyz» atly täze aýdym-saz toplumyndaky aýdymlar bilen çykyş etdi.

Täze toplum türkmen dilinde ýerine ýetirilen aýdymlaryň 11-sinden ybaratdyr. Onuň aýdymlary «Ýyldyz», «Nurana», «Çalýar depler», «Men bagtly gyzyň», «Bal ýaly», «Diňe sen», «Ildar», «Waheý waheý», «Ülkam Türkmenistan», «Ýadama» we «Deň däl biz» diýlip atlandyrylýar. «Ejem» atly bir aýdym bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Züleýha Kakaýewa bilen bilelikde ýerine ýetirilipdir.

Mähri Pirgulyýewa 2018-nji ýylda «Ýylyň parlak ýyldyzy» göçme nyşanyna hem mynasyp boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasynda ol «Alaja» atly meşhur aýdymyny ýerine ýetiripdi.

Dileýjileriň arasynda Mähri Pirgulyýewanyň «Öňe, Diňe Öňe, Türkmenistanym», «Aýterek Günterek», «Hazynam» ýaly aýdymlary uly söýgi bilen diňlenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň