Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kümmet-Kowus şäherindäki muzeýde seýrek gabat gelýän türkmen halylary saklanylýar

12:2719.01.2020
0
7765

Kümmet-Kowus şäheriniň muzeýinde (Demirgazyk Eýran, Gülüstan welaýaty) köp sanly haly önümleri görkezilýär. Eýranyň çar künjünden gelýän myhmanlar, esasan, hem türkmen halylaryny synlamaga isleg bildirýärler.

Bu ýerdäki haly önümleri ýerli ýaşaýjylar ― eýranly türkmenler tarapyndan dokalypdyr. Onda türkmen halkynyň milli halyçylyk senedi öz yzlaryny doly saklap galypdyr.

Asyrlardan asyrlara geçip gelýän milli halyçylyk sungatymyzyň 2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni miras sanawyna girizilendigini ýatladýarys. Türkmen halylarynyň dünýäniň beýleki döwletleriniň meşhur muzeýleriniň hem iň arzyly gymmatlyklarynyň hataryndadygyny aýtmak gerek.

2014-nji ýyla açylan Kümmet-Kowus şäherindäki muzeý Eýrandaky iň uly muzeýleriň arasynda üçünji orny eýeleýär. Oňa her ýyl ýüz müňlerçe adam gelip görýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň