Lebap welaýat Medeniýet müdirliginde 2020-nji ýylyň wakalaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

15:5018.01.2020
0
1392

Welaýat medeniýet müdirliginiň dabaralar zalynda geçirilen «Dostlaryň dostuna ynam bekäni, Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly dabaraly maslahat bilen Lebap welaýatynda ýylyň şanly wakalaryna badalga berildi. Adyndan hem belli bolşy ýaly, dabara 2020-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Maslahata welaýatyň ýaşaýjylaryndan başga-da, merkezi neşirlerden — «Nesil», «Türkmen dili» we «Aşgabat» gazetlerinden wekiller gatnaşdy. Olaryň maslahatyň geçirilmezinden birnäçe gün öň welaýata gelip, ýerlerdäki ösüş-özgerişler, alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy maslahatda edilen çykyşlaryň täsirliligini has-da artdyrdy. Dabaralar ilki, welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, soňra welaýat kitaphanasynda boldy. Bu ýerden Medeniýet müdirligine gelen maslahata gatnaşyjylar eýwanda ýaýbaňlandyrylan sergini hem synladylar. Iri wakalaryň aýrylmaz bölegine öwrülen sergide milli gymmatlyklarymyz şu günki gözellikler bilen utgaşýar.

Maslahatda welaýat häkimliginiň, metbugat neşirleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri çykyş edip, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Lebap welaýatynda göz öňünde tutulýan işler hakda içgin gürrüň etdiler.

Şanly ýyl mynasybetli ýurdumyzda halkara çäreleriň uly toplumy göz öňünde tutulýar. Şolaryň belli bir bölegi gadymy Lebap topragynda hem geçiriler. Mysal üçin, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde welaýat merkezindäki atçylyk-sport toplumynda halkara çäreler geçirilmegi meýilleşdirilýär. Tutuş welaýatdaky zähmet joşguny we onuň miwesi sebitiň ýaşaýjylarynyň şanly ýyla mynasyp goşandyna öwrüler.

Dabaraly maslahat medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen jemlendi. Olarda hemişelik Bitaraplyk, ajaýyp döwrümiz we gülleýän türkmen Diýary wasp edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň