Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» banky hem müşderilerine «Cash back» hyzmatyny hödürleýär

18:3016.01.2020
0
1269

«Cash back» hyzmaty ýurdumyzyň beýleki banklary bilen bir hatarda «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynda hem ýola goýuldy. Bu bank hyzmaty Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň ähli müşderileriniň «Altyn Asyr» bank kartlaryna degişli bolup durýar.

Bankyň müşderileri ýurdumyzyň söwda we hyzmat edýän nokatlarynda harytlar we hyzmatlar üçin nagt däl görnüşinde töleg terminallary arkaly hasaplaşyklary geçirenlerinde, ähli geçirilen amallaryň 0,5% derejesinde «Altyn Asyr» bank kartlaryna pul sylagy görnüşde («Cash back») yzyna gaýtarylýar. Talyp haklary, esger haklary hem-de döwlet kömek pullary geçirilýän «Altyn Asyr» bank kartlary boýunça «Cash back» hyzmatynyň pul sylagy 1% derejesinde bellenilen.

Pul sylagy her aýyň soňundan gelýän aýyň 5-ne çenli müşderilerimiziň bank kartlaryna geçirilýär.

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky bankyň müşderileriniň ählisiniň «Altyn Asyr» bank kartlaryna «Cash back» bank hyzmatynyň 2020-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan birikdirilýändigini habar berýär.

Bankyň müşderileri ýüze çykan sowallar boýunça 44-03-04 belgili telefon bilen habarlaşyp bilerler.

«Cash back» hyzmaty barada bankyň resmi saýtynda hem maglumat berilýär: www.tnbk.tm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň