«Türkmenhowaýollary» Eýranyň çägi bilen amala aşyrylýan halkara uçuşlary wagtlaýyn saklady.
«Uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça Ýewropa komissiýasynyň ýörite çözgüdi bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy Eýranyň çägi boýunça geçýän halkara gatnawlary wagtlaýyn saklaýar. Şuňa laýyklykda, Aşgabat ― Abu-Dabi ― Aşgabat halkara gatnawy 10 ― 31.01.2020 ý. aralygynda, Aşgabat ― Dubaý ― Aşgabat gatnawlary bolsa 13 ― 31.01.2020 ý. aralygynda saklanylýar» diýlip, «Türkmenhowaýollarynyň» saýtynda aýdylýar.
Ozal hem habar berşimiz ýaly «Ukrainanyň halkara howaýollaryna» degişli «Boeing» 8-nji ýanwarda Eýranyň ymam Homeýni adyndaky halkara howa menzilinde heläkçilige uçrady. Bu heläkçilik zerarly Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň we Eýranyň ýolbaşçylaryna gynanç hatlaryny ugratdy.