Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 270 maşgala täze, döwrebap jaýlaryň açarlary gowşuryldy

23:5825.12.2019
0
11951

Şu gün Aşgabat şäheriniň günorta-gündogaryndaky Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda köp gatly jaýlaryň dördüsi ulanylmaga berildi ― diýip, TDH habar berýär.

Köp gatly jaýlaryň dördüsinden üçüsiniň her biri 54 hojalyga hem-de biri 108 hojalyga niýetlenendir. Şeýlelikde, şu gün Aşgabatda maşgalalaryň 270-si oňaýly öýleriň açarlaryny aldylar. Şol öýler otaglarynyň ýerleşişiniň amatlylygy, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen aşhanalary bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu ýerde kömekçi otaglar we beýlekiler göz öňünde tutuldy. Öýleriň bezeglerinde döwrebap gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanyldy.

Täze jaýlary guran potratçylar onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy barada hem alada etdiler. Bu ýerde degişli durmuş düzümleri döredildi, ulag ýoly, yşyklandyryş ulgamy çekildi, baglar we güller ekildi.

Dabaranyň dowamynda iň oňat gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Jaý eýeleri hem sowgatsyz galmady — paýtagtymyzyň häkimliginiň ýolbaşçylary öý eýelerini gutlap, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurdylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň