Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Bars» şokoladlarynyň täze görnüşi öndürilip başlandy

12:3025.12.2019
0
2071

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň senagat zolagynda ýerleşýän «Bars» şokolad önümlerini öndürýän kärhana tarapyndan önümiň täze görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Koko bars» atly täze önüm kärhananyň köp görnüşli önümleriniň üstüni ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem ol özüniň hiliniň ýokarydygy, tagamlylygy we daşky gabynyň göze gelüwliligi bilen tapawutlanýar.

Kärhananyň agzybir işçi hünärmenleriniň tagallasy bilen öndürilen täze önüm Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ilkinji gezek söwda nokatlarynyň üsti bilen alyjylara hödürlendi. Ol täze ýyl sowgatlyk önümleriniň arasynda hem mynasyp orun eýelär. Täze önümiň ildeşlerimiziň toý saçagynyň bezegine öwrüljekdigine we uly isleg döretjekdigine şübhe ýokdur.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň