Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynyň işewürleri baýramçylyk söwda ýarmarkasyny gurnaýarlar

12:2825.12.2019
0
1108

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň hem-de partiýa komitetiniň bilelikde guramagynda Mary şäherinde ýerleşýän «Belent bina» atly merkeziň owadan binasynyň öňünde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli — telekeçileriň söwda ýarmarkasy guraldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu ýarmarka işläp başlan gününden köp adamly bolup, bagtyýar raýatlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny artdyryp gelýär.

Welaýatyň telekeçileriniň öndürýän önümlerinden ybarat söwda ýarmarkasynyň açylyş dabarasy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän aýdym-saz we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlarynyň hoş owazyna, bagtyýar çagalaryň şowhun-şagalaňly oýunlaryna beslendi. Şüweleňli baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa etmekden ruhy göterilen adamlar söwda ýarmarkasyna aýlanyp gördüler we söwda etdiler.

Dükanlaryň tekjelerini bezäp duran, göze gelüwli owadan gaplara gaplanan önümler hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň möçberini artdyrmak babatda öňe sürýän wezipelerini durmuşa geçirmekde telekeçilerimiziň yhlasly zähmet çekýändiginden habar berýär. Ildeşlerimiziň baýramçylyk saçaklaryna hödürlenýän hili ýokary, ekologiýa taýdan arassa, tagamy datly önümlerimiziň arasynda hususyýetçileriň innowasion tehnologiýaly enjamlar arkaly öndürýän et we süýt önümleri hem-de ter gök önümler, olaryň gaplama görnüşleri, köke-süýji, ýumurtga we towuk eti ýaly azyk harytlarynyň onlarça görnüşi bar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň