2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurdumyzda domenleri hasaba almak hyzmatyny Türkmenistanyň «Milli utgaşdyryjy domen merkezi» hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirer. Bu barada «Türkmentelekomyň» resmi saýty habar berýär.
Com.tm, edu.tm we gov.tm ýaly domenleri bellige almak hyzmatyny 2015-nji ýylda bäri «Türkmentelekom» kompaniýasynyň özi alyp barýardy.