Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanan maslahat geçirildi

23:4619.12.2019
0
4630

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Sagdyn durmuş ýörelgesi — sagdyn nesliň özeni» atly maslahat geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň Mejlisi, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Şeýle hem çärä hormatly ýaşulular, professor mugallymlar düzüminiň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar ― diýip, TDH habar berýär.

Forumyň maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, fiziki işjeňlik, sagdyn iýmitlenmek, ösüp gelýän nesliň elektron enjamlaryny uzak wagtlap ulanmagynyň ýerine peýdaly ugur hökmünde olaryň boş wagtlaryny köpräk hereket etmegine çekmek, şeýle hem şol serişdeler bilen işlenilende, gigiýena talaplarynyň berjaý edilmegi babatda sazlaşykly çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Depginli kompýuterleşdirilýän we sanlylaşdyrylýan asyrda saglygyňy goraýan tehnologiýalary we usullary öňe ilerletmäge şertleri döretmek üçin saglygy goraýyş we bilim, sport we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de gyzyklanma bildirýän hemme edaralaryň tagallalaryny birleşdirmegi möhümdir.

Ýaş nesilleriň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr, ol güýjüň we gözelligiň çeşmesidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Beden we ruhy sagdynlyk adamyň özüne bolan ynamyny berkidýär, ony döredijilige ruhlandyrýar.

Irki ýaşlaryndan başlap, çagalarymyzda sport endiklerini kemala getirmek — munuň özi olaryň uzak we sagdyn durmuşynyň girewidir. Şeýle nesiller üçin bolsa ýetip bolmajak menzil, hötdesinden gelip bolmajak hiç bir wezipe ýokdur.

Geçirilen maslahat şu meselä we onuň oňyn çözgütlerine bagyşlandy. 
   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň