Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanda Baş arçanyň çyralary ýakyldy

23:2915.12.2019
0
16599

Şu gün Täze ýyl baýramy mynasybetli Türkmenistanda Baş arçanyň çyralarynyň ýakylyş dabarasy boldy. Hemişe bolşy ýaly, Baş arça «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy.

TDH-nyň ýazyşy ýaly, baýramçylygyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba, Garpamyk, Bilgirje we Mämmetjan sanly ulgamyň kömegi arkaly Watanymyzyň ähli sebitlerinde boldular hem-de ykdysadyýetde, medeniýetde, durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bitirilen beýik işler bilen tanyşdylar.

Soňra olar Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary, Ahal welaýatlarynda gezelençde bolup, Aşgabada geldiler. Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýerleşen ýeri bolan «Älem» medeni-dynç alyş merkezine tarap ugradylar. Paýtagtymyzyň giň şaýollarynyň ugrunda baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, birleşen çagalar toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, orkestrleriň we sirk artistleriniň çykyşlary guraldy.

«Şatlyk», «Gyzyl güljagaz», «Akpamyk», «Aýjan», «Şowhun», «Joşgun», «Ruhubelent çagalar», «Galkynyş» çagalar toparlary dürli tanslary sazlaşykly ýerine ýetirýärler.

Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylýan ýerine tarap dabaraly ýöriş tutuş şäheriň içinden geçip, dürli ýaşly türkmenistanlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny şatlandyrdy.

Meýdançada müňlerçe dürli öwüşginli şarlar, oýnawaçlar, «2020» ýazgysy bolan sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arça möhüm orun berlipdir. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň beýikligi ýokarsyndaky ýyldyz bilen bilelikde alanyňda 40 metrdir.

Aýazbabanyň jadyly taýajygy bilen owadan arçanyň dürli öwüşginli yşyklara beslenmegi bu ýerde guralan dabaranyň jemine öwrüldi.

Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan dabara uly baýramçylyk konserti bilen jemlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň