Soňky habarlar

Arhiw

Neda Berger: 2020-nji ýylda Türkmenistanda awstriýaly sungat ussatlarynyň konserti geçiriler

17:1611.12.2019
0
987

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysyny hanym Neda Bergeri kabul etdi ― diýip, TDH habar berýär.

Myhman 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljakdygyny belläp, diňe bir sebitiň däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň durmuşynda şanly waka öwrülen bu sene mynasybetli Awstriýanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda giň möçberli medeni maksatnamanyň taýýarlanylýandygyny, şeýle hem halkara derejedäki döredijilik çäreleriniň toplumyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň hemişe Awstriýa, şeýle hem gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berjekdigini nygtap, netijeli medeni hyzmatdaşlygy dowam etmek baradaky pikirini beýan etdi.

Milletiň Lideri iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň häzirki zaman medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmagy üçin Türkmenistana awstriýaly artistleri we döredijilik toparlaryny has ýygy-ýygydan çagyrmagy, ugurdaş çäreleri guramagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň Diýarymyzda we daşary ýurtlarda belleniljek ýylynda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň maksatnamasyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Awstriýadaky Medeniýet günlerini geçirmegi we Aşgabatda geçiriljek bäşinji Wena balyny bu şanly senä gabatlap guramak barada pikiri aýtdy.

Myhman jemgyýetiň alyp barýan işlerine hemişe üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Awstriýanyň jemgyýetçiligi hem-de işewürler toparlary tarapyndan belent halkara abraýa eýe bolan we ajaýyp ykdysady üstünlikleri bilen haýran galdyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly gyzyklanmanyň bardygyny nygtady.

Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy iki dostlukly ýurduň arasynda medeni gatnaşyklaryň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk we ösüş baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň