Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda kabbadi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

15:0111.12.2019
0
6937

«Hanmudo» başa-baş söweş federasiýasynyň bazasynda kabbadi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu ýaryş ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllyk baýramyna bagyşlandy diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär. Çempionata paýtagtdan we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, ýaşlar, erkekler we zenanlar ýygyndylary gatnaşdy.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda Aşgabadyň ýygyndysy çempion boldy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakowyň şägirtleri aýgytlaýjy oýunda Mary welaýatynyň ýygyndysyny 66:33 hasabynda ýeňdiler. Ýaşlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa çempionlyk Mary welaýatynyň ýygyndysyna nesip etdi. Nagmat Hojamämmedowyň tälim berýän türgenleri altyn medala uzaýan ýolda ýekeje garşydaşyndan hem asgyn gelmediler.

Erkekleriň arasyndaky ýaryşa bolsa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýygyndysy hem goşuldy. Bu ýaryşda altyn medala Aşgabadyň, kümüş medala Mary welaýatynyň, bürünç medala bolsa Ahal welaýatynyň ýygyndylary mynasyp boldy.

Milli çempionatyň tamamlanmagy kabbadi boýunça ýylyň ýaryşlarynyň tamamlandygy däl. 22-nji dekabrda 2005-nji ýylda doglan we ondan hem kiçi ýetginjkşekleriň arasynda hem birinjilik geçiriler. Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndysy bolsa geljek ýylyň mart aýynda Eýranyň Maşat şäherinde geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň