Soňky habarlar

Arhiw

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de göçme sergi gurnaldy

09:5811.12.2019
0
1064

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň guramagynda Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň «Altyn nesil» medeniýet merkezinde «Ösüşlere beslenýän Türkmenistan Diýarym!» atly göçme sergi guraldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Göçme sergä institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda muzeý işgärleri çykyş edip, sergide ýerleşdirilen etnografiýa önümleriniň, halylaryň, çuwallaryň, mis, toýun, küýze önümleriniň taryhy barada gürrüň berdiler.

Sergide Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Halkara Bitaraplyk derejesi bilen baglanyşykly fotosuratlara aýratyn orun berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň