Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Horwatiýada geçiriljek «Futsal Week Winter Cup – Porec 2019» halkara ýaryşyna gatnaşar

16:5210.12.2019
0
6142

Ýakynda geçirilen bije çekilişigiň netijesinde Aziýa çempionatyndaky garşydaşlaryny bilen futzal boýunça milli ýygyndymyz Aşgabatda geçiriljek yklym ýaryşyna taýýarlygyň çäginde ýene bir halkara ýaryşa gatnaşar. Şu aýyň 16-sy ― 21-i aralygynda Horwatiýada geçiriljek halkara futzal ýaryşy «Futsal Week Winter Cup – Porec 2019» diýlip atlandyrylýar. Bu ýaryşa gatnaşmak üçin horwatiýaly tälimçi Robert Grdowiçiň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndymyz dostlukly döwlete ugrady.

Halkara ýaryşyň adyndan hem belli bolşy ýaly, duşuşyklar Poreç şäherindäki «Intersport» sport toplumynda geçiriler. Halkara ýaryşa türkmen futzalçylaryndan başga-da, Bosnýa we Gersogowinanyň, Hytaýyň, Çernogoriýanyň hem-de San Marinonyň ýygyndylary gatnaşar.

Halkara ýaryş başlamazdan öňürti biziň ýygyndymyz iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Olaryň birinjisi 12-nji dekabrda Hytaýyň ýygyndysy bilen bolar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, hytaýly futzalçylar Aziýa çempionaty ― 2020-ä hem gatnaşýar. Olar yklym çempionatynyň «C» toparçasynda ýaryşarlar. Bu ýoldaşlyk duşuşygy milli ýygyndylaryň ikisi üçin hem uly ähmiýete eýedir.

Türkmen futzalçylarynyň ikinji ýoldaşlyk duşuşygy 14-nji dekabrda Horwatiýanyň «MNK Pula» topary bilen bolar.

Soňra milli futzal ýygyndymyz 16-njy dekabrda halkara ýaryşyň duşuşyklaryna girişer. Ildeşlerimiz şol gün Hytaýyň, 17-nji dekabrda San-Marinonyň, 19-njy dekabrda Bosnýa we Gersegowinanyň, 20-nji dekabrda Çernogoriýanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiç halkara ýaryşda milli çempionatymyzda çykyş edýän oýunçylaryň 16-syny gözden geçirer. Ol derwezeçi hökmünde milli ýygynda Meretgeldi Baýramowy, Şöhrat Baýramowy hem-de Berdimyrat Sapardurdyýewi çagyrdy. Meýdanyň merkezinde oýnamak üçin bolsa Abdylla Gurbannepesow, Watan Ataýew, Öwezbaý Muhammetmyradow, Mülkaman Annagulyýew, Maksat Soltanow, Serdar Rejebow, Allamyrat Gurbanow, Daýanç garajaýew, Gurbangeldi Sähedow, Arzuwguly Sapargulyýew, Toýly Halmyradow, Gurbanguly Aşyrow, Myrat Annaýew dagylar milli ýygynda çagyryldy.

Halkara ýaryşda horwatiýaly tälimçä ýerli hünärmenler Guwanç Kanaýew bilen Mergen Ataýew ýardam berer. Şeýle hem toparyň düzüminde Ýeňiş Aşyrow derwezeçileriň tälimçisi, Mekan Muhammetmyradow analitiki tälimçi hökmünde Horwatiýa gitdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň