Arhiw

Wahyt Orazsähedow Gyrgyzystanyň çempionaty ― 2019-yň nusgalyk düzümine girizildi

00:3306.12.2019
0
2903

Gyrgyzystanyň futbol boýunça Premýer-ligasynyň metbugat gullugy tamamlanan möwsümiň nusgalyk düzümini yglan etdi. Elbetde, oňa möwsümde iň gowy netije görkezen oýunçylar girizildi.

Düzümde «Dordoýdan» bäş, «Alaýdan» üç, «Ilbirsden» iki we «Neftçiden» derwezewan bar. Hüjümiň merkezinde Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedowyň ady görkezilipdi. Ol geçen möwsümde «Dordoýyň» düzüminde çykyş edipdi.

Wahyt Orazsähedow «Dordoýyň» düzümine şu ýylyň gyşynda goşuldy. Ol möwsümiň dowamynda 34 duşuşyga gatnaşyp, 35 gezek ajaýyp netije görkezdi. Has takyg, biziň ildeşimiz ähli çempionatlarda 26 gol geçirdi. Olaryň 20-si Gyrgyzystanyň çempionatyna, üçüsi AFK-nyň kubogyna, galan 3-si Gyrgyzystanyň kubogyna degişlidir. Şeýle hem ol gatnaşan duşuşyklarynda 9 gezek gol pasyny berdi. Wahyt Orazsähedow 2019-njy ýylda Gyrgyzystanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy we topary bilen ýurduň çempiony boldy. Şeýle hem ol gyrgyz çempionatynyň geçen möwsüminiň iň netijeli futbolçysy (20 gol) boldy. Ol çempionatdaky duşuşyklarda 1903 minut meýdanda galdy.

Geçen aý «Dordoýyň» düzüminden aýrylan hüjümçi häzir erkin oýunçy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň