Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

23:5405.12.2019
0
5014
Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny, aýratyn hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe düzümleriniň işine geçirilen seljermeler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan senagatlaşdyrmak işleriniň türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyna, daşary söwda amallarynyň ösdürilmegine, şeýle hem eksportuň görkezijilerini geçen ýyllaryň derejesinde saklamaga oňyn täsir edýändigini belledi.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň uzak möhletli durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, sanly ykdysadyýete geçmek işini işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri döwrüň talaplaryna laýyklykda, halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak baradaky täze maksatnamalary işläp taýýarlamagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, döwrebap elektron senagaty kemala getirmäge hem-de täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany maýa goýumlaryny çekmegi, has bähbitli ugurlar boýunça eksport kuwwatyny artdyrmagy we importyň düzümini amatly ýagdaýa getirmegi geljekki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Milletiň Lideri bu ugurda Ýokary gözegçilik edarasynyň öňünde durýan wezipäniň edaranyň degişli guramalar bilen sazlaşykly işini üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady.

Iş maslahatynyň barşynda «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişi, bu ugurda döwlet gözegçiligini guramak boýunça işleriň dowam edýändigi bellenildi. 
   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň