Daşkentdäki «Kuksaroý» kabulhanasynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda netijeli döwletara gatnaşyklarynyň häzirki döwürde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin umumy bähbitler we bar bolan ägirt uly mümkinçilikler bilen berkidilýändigini nygtadylar. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýedigini hem-de ony berkitmek üçin zerur şertleriň bardygyny belläp, özara söwdanyň we maýa goýum gatnaşyklarynyň möçberiniň artdyrylmagy, energetika, aragatnaşyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy, azyk, himiýa senagaty, elektrotehnika, ýeňil senagat pudaklaryndaky gatnaşyklaryň geljegi barada aýtdylar.
Ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew oba hojalygy, maşyn gurluşygy, gazy gaýtadan işlemek, düzümleýin desgalaryň gurluşygy ýaly pudaklardaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlardygyny belläp, degişli düzümlerde has ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda we Özbegistanda dünýä ähmiýetli taryhy-medeni ýadygärlikleriň bardygyny nazara alyp, syýahatçylyk ugry boýunça özara gatnaşyklaryň geljegine garaldy.
Medeni gatnaşyklar hemişe bolşy ýaly, döwletara hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeleýär. Biziň halklarymyz diňe bir goňşy bolman, eýsem, umumy doganlyk gatnaşyklaryna, taryhy ýörelgelere, däp-dessurlara, ahlak gymmatlyklaryna eýedir. Söhbetdeşler soňky ýyllarda bu gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň, özara düşünişmegiň we halklaryň arasyndaky dostlugyň möhüm şertini emele getirýändigini nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde ylym we bilim, sport ugurlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň we Özbegistanyň ählumumy gün tertibiniň iň wajyp meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň ýakyndygy ýa-da meňzeşdigi sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde, döwlet Baştutanymyz bu duşuşykda ýakyn we uzak geljek üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň kesgitleniljekdigine, biziň umumy bähbidimize gabat gelýän pudaklardaky sebit hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi.
Milli Liderimiz duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, özbek kärdeşine berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işinde uly üstünlik, goňşy döwletiň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.