Soňky habarlar

Arhiw

Wahyt Orazsähedow Gyrgyzystanyň «Dordoýynyň» düzüminden aýryldy

21:2026.11.2019
0
8464

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow Bişkegiň «Dordoý» klubyndan aýryldy diýip, «Sport.kg» saýty klubyň resmi saýtyna salgylanyp habar berýär.

Wahyt Orazsähedow «Dordoýyň» düzümine şu ýylyň gyşynda goşuldy. Ol möwsümiň dowamynda 34 duşuşyga gatnaşyp, 35 gezek ajaýyp netije görkezdi. Has takyg, biziň ildeşimiz ähli çempionatlarda 26 gol geçirdi. Olaryň 20-si Gyrgyzystanyň çempionatyna, üçüsi AFK-nyň kubogyna, galan 3-si Gyrgyzystanyň kubogyna degişlidir. Şeýle hem ol gatnaşan duşuşyklarynda 9 gezek gol pasyny berdi. Wahyt Orazsähedow 2019-njy ýylda Gyrgyzystanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy we topary bilen ýurduň çempiony boldy. Şeýle hem ol gyrgyz çempionatynyň geçen möwsüminiň iň netijeli futbolçysy (20 gol) boldy.

 «Dordoý» futbol kluby Wahyda hoşallyk bildirýär we oňa mundan beýläk üstünlikleri arzuw edýär» diýlip, klubyň resmi saýtynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň