Arhiw

Türkmenabadyň halkara howa menzili: 10 aýda 240 müňe golaý ýolagçy, 540 tonna golaý ýük

16:1926.11.2019
0
927

2018-nji ýylyň fewralynda ulanylmaga berlen Türkmenabadyň Halkara howa menzili ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda ildeşlerimize ýokary hilli hyzmat edip gelýär. Ynha, şu ýylyň 10 aýynda edilen işler hem Halkara howa menziliniň giň gerimli işlerinden habar berýär ― diýlip, welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde ýazylýar.

Şu döwürde meýilnama boýunça 177100 ýolagçy gatnawy göz öňünde tutulan bolsa, bu görkeziji 237837 ýolagça barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 29 301 adam köp gatnadylyp, ösüş depgini 114,1 göterim boldy. Şu döwürde meýilleşdirilen 271,9 tonna ýüküň ýerine 539,72 tonna dürli ýükler daşaldy. Geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende artykmaç daşalan ýüküň möçberi 138,26 tonna boldy. Bu görkezijiler howa menziliniň işgärleriniň yhlasly zähmetleriniň netijesinde gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň