Soňky habarlar

Arhiw

Ante Mişe Şri-Lanka garşy duşuşygyň esasy düzümini kesgitledi

23:0918.11.2019
0
4858

Dünýä çempionaty ― 2022-niň çägindäki Türkmenistan ― Şri-Lanka futbol duşuşygyna bir gün galanda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe meýdana goýberiljek esasy düzüm barada maglumat berdi. «Köpetdag» stadionynda geçiriljek duşuşyk ertir sagat 16-da başlanar.

–  Men eýýäm esasy düzümi kesgitledim diýsem hem boljak. Derwezäni ýene-de Mämmet Orazmuhammedowa ynanarys. Goragda Serdar Annaorazow, Abdy Bäşimow, Zafar Babajanow, Amir Gurbany dördüsi bolar. Serdar Geldiýew bilen Wezirgeldi Ylýasow goraga ýakyn oýnar. Sag gyraky ýarym goragçy hökmünde Myrat Ýagşyýewden, çep gyrada Altymyrat Annadurdyýewden peýdalanarys. Öňde bolsa Arslanmyrat Amanow bilen Didar Durdyýew oýnar ― diýip, baş tälimçi duşuşykda öň geçirilen metbugat maslahatynda maglumat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň