Erik Kuan: «Singapuryň Menejment ösüşi institutynyň Türkmenistandaky şahamçasyny açmagy meýilleşdirýäris»

14:1416.11.2019
0
1483

Bu barada unstitutyň ýolbaşçysy, Erik Kuan «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergide «Türkmenistan» gazetiniň habarçylaryna beren interwýusynda şeýle diýdi:  

— Singapuryň Menejment ösüşi instituty 1956-njy ýylda döredildi we ol Singapuryň işewürlik hem-de menejment boýunça bilim berýän öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Ýokary okuw mekdebimizde işewürlik, menejment, inženeriýa, moda we dizaýn, syýahatçylyk hem-de myhmanhana işewürligi, IT tehnologiýalary, psihologiýa, lukmançylyk we media ulgamlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Biziň esasy maksadymyz diňe bir bilim bermek däl-de, eýsem, dünýäniň ähli künjeginiň ugurdaş bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly dünýä ykdysadyýetindäki özgertmelere içgin düşünýän kämil işewürleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Hut şu maksatdan ugur alyp, biz bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýäris.

Bu meniň Türkmenistana ikinji gezek gelşim. Şu ýylyň sentýabr aýynda hem bu dostlukly ýurtda bolmak bagty miýesser etdi. Biz şonda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdik. Mälim bolşy ýaly, türkmen Lideriniň awgust aýynda Singapura bolan ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Singapuryň Menejment ösüşi institutynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi. Türkmenistana birinji saparymyň çäklerinde şol resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de Singapuryň Menejment ösüşi institutynyň Türkmenistanda şahamçasyny açmak barada gepleşikleri geçiripdik. Bu günki halkara serginiň we ylmy maslahatyň dowamynda bolsa, biz bu ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlygymyzy has-da işjeňleşdirmek babatda anyk tekliplerimizi beýan etdik. Singapur tarapy işewürlik, menejment, marketing ýaly ugurlarda mugallymlary we talyplary alyş-çalyş etmäge, bu ugurlar boýunça dürli görnüşli bilelikdäki maksatnamalary hödürlemäge taýýardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň