Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

23:5214.11.2019
0
4917

14-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mubarak Abdurahman Mubarak Al-Nasry kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tuýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Lidere Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şu ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary berkitmäge we işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň mart aýynda Katar Döwletine bolan döwlet saparynyň, şeýle hem Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň şondan bir ýyl öň Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri boýunça ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Katar ykrar edilen energetika döwletleri we tebigy gazy eksport edýän öňdebaryjy ýurtlar bolmak bilen, bu wajyp ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini şertlendirýän ulag-üstaşyr ugurlarynyň halkara düzümlerini kemala getirmek boýunça taslamalaryň wajyp ähmiýete eýedigi bellenildi.

Şeýle-de, söwda, maýa goýum, senagat we tehnologiýa pudaklarynda uzakmöhletleýin esasdaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, onuň ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän Hökümetara türkmen-katar toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýan däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhümdigi bellenildi. Sport ulgamynda hem hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Ýurtlaryň ikisi-de bu ugruň ösdürilmegine möhüm üns berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň