Türkmenabat şäheriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda taslama bäsleşigi geçirildi

12:0314.11.2019
0
4338

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we­la­ýat ge­ňe­şi­niň hem-de we­la­ýat baş bi­lim mü­dir­li­gi­niň bi­le­lik­de gu­ra­mak­la­rynda Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki 3-nji or­ta mek­de­biň bin­ýa­dyn­da we­la­ýa­tyň or­ta mek­dep­le­ri­niň ýokary synp okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da tas­la­ma bäs­le­şi­giniň şä­her tap­gy­ry ge­çi­ril­di ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Zehinli ýaşlar dört şert, ýag­ny, tas­la­ma işi­niň yl­my­ly­gy, tä­ze­çil­li­gi, dur­muş­da ula­ny­lyşy we okuw­çy­nyň öz işi­ni gorap bil­şi bo­ýun­ça bäs­leş­di­ler. Ne­ti­je­de bäs­le­şi­giň şert­le­rini us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ren 38-nji or­ta mek­de­biň 9-njy synp okuw­çy­sy Azim Ga­pur­ja­now bi­rin­ji, ta­kyk we te­bi­gy ugur­la­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len 28-nji or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy Ser­dar Ara­me­tow ikin­ji, 3-nji or­ta mek­de­biň 10njy synp okuw­çy­sy Aý­na­bat Ko­çy­ýe­wa bol­sa üçün­ji orunlara my­na­syp bol­du­lar we olar bäs­le­şi­giň we­la­ýat tap­gyry­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy­lar. Ýe­ňi­ji­le­re TMÝG-niň Türk­me­na­bat şä­her ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan Hor­mat hat­la­ry hem-de gym­mat ba­ha­ly ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň