Türkmenistanda hususy telekeçileri ýuridiki şahsy döretmezden bellige almagyň meseleleri öwrenilýär

21:0509.11.2019
0
1440

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji noýabrynda geçirilen mejlisinde wise-premýer G.Myradow döwlet Baştutanyna milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibini Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklamak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Kadalaşdyryjy nama telekeçilik işini tertipleşdirmäge, salgyt-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir we milli kanunçylygyň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Milletiň Lideri kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň täzeçil durmuş ösüşine geçilmegine, şol sanda erkin telekeçilik we bäsdeşlik üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendigini belledi. Umuman, döwlet Baştutany hödürlenen resminamanyň taslamasyny degişli düzümler bilen ylalaşmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň