Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenhowaýollary” Saud Arabystany Patyşalygyna we Malaýziýa howa gatnawlaryny ýola goýar

03:5909.11.2019
0
23716

8-nji noýabrda geçirieln Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine halkara gatnawlaryň ugruny giňeltmek, şol sanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda we Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerine howa gatnawlaryny ýola goýmak maksady bilen, degişli işleriň alnyp barylýandygy, bu gatnawlara 2020-nji ýylyň fewral aýyndan başlamagyň  meýilleşdirilýändigi barada hasabat berildi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany wise-premýer B.Öwezowyň hasabatyny diňläp, raýat awiasiýasynyň ýokary netijeliligini üpjün etmek boýunça birnäçe çäreleri kesgitledi. Şeýle-de,  milli awiasiýany ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitläp, uçuş düzümi we ýerdäki gulluklar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.

Türkmen awiatorlary halkara ýolagçy howa ugurlarynyň çägini  has-da giňeltmelidirler we hereket edýän ugurlardaky gatnawlaryň ýygylygyny artdyrmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi we täze ugurlar boýunça yzygiderli gatnawlary amala aşyrmak hakyndaky teklipleri makullady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň