Soňky habarlar

Arhiw

Tejen etrabynda guş iýmini öndürýän kärhana açyldy

12:1108.11.2019
0
5101

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Zaman» geňeşliginiň çäginde guş iýmini öndürýän döwrebap kärhananyň dabaraly açylyşy boldy. Täze önümçilik Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Miras» hususy kärhanasyna degişlidir ― diýip, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Bu hususy kärhanada guşçulyk toplumy döredildi. Bu ýerde guş etini we ýumurtga öndürilýär. Indi bolsa guşçulyk üçin zerur bolan iým hem kärhananyň özünde öndüriler.

Önümçilik binasynda Türkiýe, Gollandiýa ýaly döwletleriň iň täze, öňdebaryjy enjamlary oturtdyldy. Bu kämil tehnologiýalar ýokary hilli guş iýminiň sagatda 10 tonnasy, ýylda bolsa 75 müň tonnasy öndüriler. Häzirlikçe kärhanada guş iýminiň dört görnüşini öndürmek maksat edilýär. Öndürilýän iýmiň düzümine bugdaý, mekgejöwen, jöwen, soýa, ösümlik ýagy, duz, dürli witaminlerdir minerallar goşulýar. Olar guşlar üçin örän ýokumlydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň