Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky iri gurluşyklar bilen tanyşdy

23:5406.11.2019
0
11089

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäherinde  alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, ýurduň baş şäheriniň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy – diýip, TDH ýazýar.

Döwlet Baştutan ýurduň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygynyň barýan ýerine geldi.

Bellenilişi ýaly, bu taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda birnäçe durmuş maksatly binalar gurulýar. Gurluşygyň baş meýilnamasyna laýyklykda, şäheriň Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda 12 gatly 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy,  12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň bolsa altysy gurulýar.

Şäheriň bu künjeginde bina edilýän desgalaryň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden Kararyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy.

Döwlet Baştutany ýaşaýyş jaý toplumlarynda zerur bolan durmuş düzümleriniň we ähli amatlyklarynyň üpjün edilmegi bilen bir hatarda, gurluşygyň hil derejesine we desgalaryň bellenilen möhletinde tamamlanmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.

Şäheri ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy Fransiýanyň belli «Buig-Batiman Internasional» kompaniýasynyň wekili milli Liderimize kompaniýanyň gurluşykçylaryna ynanylan binalarda alnyp barylýan işler, desgalaryň bezeg aýratynlyklary we olaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeler barada hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyza 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň we beýleki birnäçe binalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Görkezilen taslamalaryň hatarynda türkmen alabaýynyň heýkeli hem bar.

Hormatly Prezidentimiz taslamalary, aýratyn-da, alabaýyň heýkeliniň görnüşlerini synlap, onda türkmen itlerine mahsus bolan ähli häsiýetleriň öz beýanyny tapmalydygyny tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şäherde oturdylýan heýkelleriň paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmeginiň wajypdygyny aýratyn belledi...

Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny tamamlap we onuň jemlerini jemläp, döwlet Baştutany dünýäniň sazlaşykly ösýän, iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň birine öwürmäge gönükdirilen şähergurluşyk maksatnamasynyň toplumlaýyn esasda durmuşa geçirilmelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň