Soňky habarlar

Arhiw

Ýene bir türkmen agyr atletikaçysy KHDR-de geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

21:1328.10.2019
0
6074

Türkmenistanly agyr atletikaçy Atajan Daýiýew ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynyň jemleýji gününde bürünç medal gazanmagy başardy. Ol bu üstünlige 102 kilogramdan ýokary agramdaky türgenleriň arasynda ýetdi. Ýeri gelende aýtsak, çempionat 19 ― 27-nji oktýabr aralygynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Phenýan şäherinde geçirildi.

17 ýaşly türgen iki görnüşiň jemi boýunça 325 kilogram agramlygy göterdi. (Birbada ― 143, iteklemekde ― 182 kilogram). Türkmen türgeniniň ştangany itekläp götermek boýunça kiçi kümüş medaly gazanandygyny hem aýtmak gerek.

Bu agram derejesinde Koreýa Respublikasynyň wekili Syn Heon Li altyn, özbegistanly Mirhosil Mirzabaýew kümüş medala mynasyp boldy.

Atajan Daýiýew mundan ozal Las-Wegasda geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medal hem gazanypdy.

Şeýlelikde, KHDR-de geçirilen Aziýa çempionatyny türkmen türgenleri 6 medal bilen tamamladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň