Soňky habarlar

Arhiw

Futzal, Türkmenistan ― 2020: milli ýygyndymyza bije çekilişige birinji torbadan gatnaşar

20:2928.10.2019
0
7644

2020-nji ýylyň 24-nji fewraly ― 10-njy marty aralygynda Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň bije çekilişigine Türkmenistanyň futzal ýygyndysy birinji torbadan gatnaşar. Şeýle hem bu torbada Eýranyň, Ýaponiýanyň we Özbegistanyň ýygyndylary bar. Bu ýagdaý bolsa biziň ildeşlerimiziň toparçalaýyn ýaryşlarda Aziýanyň iň güýçli ýygyndylary bilen garşydaş bolmajakdygyny görkezýär. Munuň özi toparçada ilkinji iki ornuň birini eýeläp, taryhda ilkinji gezek 1/8 finala çykmaga mümkinçilik gazanmagymyzy üpjün edip biler.

Ýakynda geçirilen saýlama ýaryşlaryň netijesinde Aziýa çempionatynyň torbalary şu ýagdaýda düzüldi. Ýeri gelende aýtsak, ýaryşyň toparçalary bije çekilişigiň esasynda her torbadan bir ýygyndyny almak arkaly düzülýär.

Birinji torba: Türkmenistan (ýer eýesi), Eýran, Ýaponiýa, Özbegistan.

Ikinji torba: Liwan, Wýetnam, Bahreýn, Tailand.

Üçünji torba: Gyrgyzystan, Täjigistan, Hytaý, Koreýa Respublikasy.

Dördünji torba: Saud Arabystany, Indoneziýa, Kuweýt, Oman.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň