Arhiw

«Röwşen» aýakgap önümleri Russiýa Federasiýasyna eksport edildi

15:1428.10.2019
0
17933

Mary welaýat gümrükhanasynyň «Mary» gümrük postundan «Röwşen» haryt nyşanly 6671 jübüt aýakgap önümleri ilkinji gezek Russiýa Federasiýasyna eksport edildi ― diýip, Türkmneistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Mary şäherinde ýerleşýän «Röwşen» hususy kärhanasynyň öndürýän aýakgaplary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtly müşderileridir we telekeçileri tarapyndan tanalyp isleg bildirilip başlandy.

«Mary» gümrük postunyň işgärleri soňky döwürde eksport edilýän harytlaryň möçberleriniň artýandygyny buýsanç bilen belleýärler. Eksport edilýän harytlaryň görnüşleri hem birsyhly artýar. Mysal hökmünde eýýäm birnäçe gezek Hytaý Halk Respublikasyna iberilen doňdurma önümlerini görkezmek bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň