Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministrti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

15:1427.10.2019
0
3188

«Oguzhan» köşkler toplumynda türkmen-malaý gepleşikleri hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Premýer-ministr bilen netijeli söhbetdeşligiň geçirilendigini belläp, onuň dowamynda bilelikdäki işiň ähli ugurlary boýunça türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek we hil taýdan täze derejä çykarmak üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmaga iki tarapyň taýýardygynyň tassyklanandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, hyzmatdaşlygyň ösüş depginini saklap galmagyň we ony barha ösdürmegiň, täze görnüşler hem-de ugurlar bilen baýlaşdyrmagyň zerurdygy baradaky garaýşymyz biziň döwletlerimiziň uzak möhletli strategik bähbitlerine kybap gelýär.

Şeýle hem döwlet Baştutany Malaýziýanyň Premýer-ministrini 2020-nji ýylda Türkmneistanyň hemişleik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistan hem, öz nobatynda, Malaýziýanyň Birleşen Milletler Guramasynda netijeli teklipleriniň tarapdary bolup çykyş edýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda Günorta — Gündogar Aziýa döwletleri assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyk, söwda, nebitgaz, dokma senagaty, halkara ulag-logistika ugurlary, sanly ykdysadyýet ýaly ugurlarda türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenildi.

Soňra çykyş eden Premýer-ministr Mahathir Mohamad halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygy barada aýtmak bilen, Malaýziýanyň hem Goşulyşmazlyk hereketiniň agzasy bolup durýandygyny, beýleki döwletleriň içerki syýasatyna goşulyşmazlyk strategiýasyna berk eýerip, terrorçylyga hem-de häzirki döwrüň beýleki wehimlerine garşy çykyş edýändigini belledi.

Dostlukly döwletiň hökümet Baştutany halkara durmuşyň has möhüm meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty bilen ýakyndygyny kanagatlanma bilen belläp, Malaýziýanyň özygtyýarly döwlet bolmak bilen, saýlap alan ýoluna eýerip, bütin dünýäde parahatçylyk ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Premýer-ministr Mahathir Mohamadyň nygtaýşy ýaly, ýangyç-energetika ulgamynda bilelikdäki işewür hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bar. «Petronas» kompaniýasy Türkmenistanda özara bähbitli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýär. Belent mertebeli myhman tebigy gazy gaýtadan işlemek ulgamynda bar bolan uly mümkinçiliklere ünsi çekip, geljekde bu ulgamda täze iri taslamalaryň amala aşyryljakdygyna umyt bildirdi.

Premýer-ministr Mahathir Mohamad sanly ykdysadyýete geçmek baradaky gürrüňi gozgap, bu ugurda Malaýziýanyň hökümeti hem-de hususy ulgamyň wekilleri tarapyndan geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk beýan edildi.

Belent mertebeli myhman Malaýziýada geçiriljek türkmen önümleriniň sergisiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Awtoulag gurluşygy, uçar gurluşygy, ýokary tehnologiýalar ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy.

Şeýle hem bäş döwlet tarapyndan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýanyň kabul edilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Munuň özi netijeli türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Premýer-ministr Mahathir Mohamad ynsanperwer ulgamy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzap, häzir Malaýziýanyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim alýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, olaryň sanyny artdyrmaga bolan taýýarlyk beýan edildi.

Dostlukly döwletiň hökümet Baştutany şu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine umyt bildirip, bildirilen myhmansöýerlik hem-de geçirilen netijeli gepleşikler üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, özi üçin amatly wagtda Malaýziýa gelip görmäge çagyrdy.

Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň