Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda IV Wena baly geçirilýär

13:2924.10.2019
0
1833

Şu gün – 24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň öňündäki meýdançada IV Wena baly geçirilýär. Türkmenistanda geçirilmegi däbe öwrülen bu dabara 2011-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär.

Maglumatlarda bellenilişi ýaly, rus žurnalisti Ýewgeniý Şwarz: «Wena balyna gatnaşmazlyk adam üçin zyýanly, aýratyn hem sen oňa mynasyp bolanyňda» diýmek bilen, bu balyň möhümdigini aýratyn nygtap geçýär. Awstriýanyň paýtagty bolan Wena şäheri irki döwürlerde sazyň, operanyň şäheri hasaplanylypdyr. Sebäbi bu taryhy şäherde köpsanly sazandalar, operanyň ussatlary ýaşap geçipdir. Syýahatçylaryň aýtmagyna görä, Wenanyň ähli künjegi, göýä, aýdym-saz bilen sazlaşypdyr.

Wena balynyň  120 ýyllyk taryhy bar.  Çäräniň «Wena baly» derejesinde geçirilmegi üçin birnäçe şertler ýerine ýetirilmelidir: oňa gatnaşýanlaryň egin-eşikleri talabalaýyk bolmalydyr, ýigitler «smoking» diýlip atlandyrylýan resmi egin-eşikde, şol sanda elýaglykly we ellikli bolmalydyr; zenanlar uzyn köýnekli, egin-eşigine gabat gelýän kiçi göwrümli ýantorbaly, şeýle-de owadan şaý-sepli bolmalydyr. Wena baly 18-26 ýaşlaryndaky oglan-gyzlaryň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen tans bilen başlanýar. Onuň yzysüre dürli görnüşli wals tanslary bilen dowam etdirilýär.

 

Aşgabat şäherinde geçiriljek IV Wena balyndaky konsertiň

TERTIPNAMASY

1.

“Siz Watana belent ykbal Arkadag!”

Ýerine ýetirýärler: Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary

2.

“Polonez”

Sazy: Karl Mihael Zyreriňki

Ýerine ýetirýärler: Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri hem-de ýurdumyzyň birleşen tans topary

3.

“Aşyklaryň şäheri”

Sazy: Weli Muhadowyňky

Ýerine ýetirýärler: Türkmenistanyň halk artistleri Gülnar Nuryýewa we Myratgeldi Baýramgeldiýew hem-de ýurdumyzyň birleşen tans topary

4.

“Adellanyň aýdymy”

Sazy: Iogan Ştrausyňky

Ýerine ýetirýär: Neiwi Martinez (Awstriýa)

5.

“Homanaýyň ariýasy”

Sazy: Iogan Ştrausyňky

Ýerine ýetirýär: Andreas Ýankowiç (Awstriýa)

6.

“Mazurka”

Sazy: Pýotr Çaýkowskiýniňki

Ýerine ýetirýärler: Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri hem-de D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň tans topary

7.

“Hoşniýetli arzuwlar”

Sazy: Daňatar Hydyrowyňky

Ýerine ýetirýärler: Birleşen çagalar hory hem-de “Ruhubelent çagalar” we “Joşgun” çagalar tans toparlary

8.

Näzlim uz maňa

Sazy: Çary Nurymowyňky

Ýerine ýetirýärler: Didar Sarykow hem-de “Serpaý”, “Galkynyş”, “Laçyn” tans toparlary

9.

“Graf we grafiniýanyň dueti”

Sazy: Iogan Ştrausyňky

Ýerine ýetirýärler: Neiwi Martinez we Andreas Ýankowiç (Awstriýa)

10.

“Wals”

Sazy: Aram Haçaturýanyňky

Ýerine ýetirýär: Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri

11.

“Arzuw”

Sazy: Gahryman Aşyrowyňky

Ýerine ýetirýärler: “Mukam” skripkaçylar topary hem-de birleşen çagalar tans topary

12.

“Sen meniň ýanymda”

Sazy: Diana Warreniňki

Ýerine ýetirýärler: Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew hem-de aýdymçy Leýli Ökdirowa

13.

“Fortepiano üçin konsert”

Sazy: Gurban Kulyýewiňki

Ýerine ýetirýärler: Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri we Aşyr Aşyrow

14.

“Wenger tansy”

Sazy: Iogan Ştrausyňky

Ýerine ýetirýärler: Tansçylar Marek Bobosik we Marta Nitranowa (Awstriýa)

15.

Ezber hojanyň aýdymy

Sazy: Daňatar Hydyrowyňky

Ýerine ýetirýär: Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew

16.

Aýly agşam

Sazy: Aman Agajykowyňky

Ýerine ýetirýärler: Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri hem-de Türkmenistanyň Döwlet tans topary

17.

“Mawy Dunaý”

Sazy: Iogan Ştrausyňky

Ýerine ýetirýärler: Tansçylar Marek Bobosik we Marta Nitranowa (Awstriýa)

18.

“Toý aýdymy”

Sazy: Çary Nurymowyňky

Ýerine ýetirýärler: Türkmenistanyň at gazanan artistleri Bibijemal Amanowa, Tirkeş Mätnazarow, aýdymçylar Žanna Saýiýan, Nury Nuryýew hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň tans toparlary

19.

“Arkadag”

Sazy: Merdan Annamyradowyňky

Ýerine ýetirýärler: Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew, Atajan Berdiýew, aýdymçylar Aýna Seýitgulyýewa, Leýli Ökdirowa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary hem-de Wena balyna gatnaşyjylar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň