Soňky habarlar

Arhiw

Abu-Dabide dzýudo boýunça «Uly tuwulga» halkara ýaryşyna badalga berildi

00:5624.10.2019
0
9120

Şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde dzýudo boýunça «Uly tuwulga» atly halkara ýaryşa badalga berildi. Oňa dünýäniň 104 döwletinden 603 türgen gatnaşýar.

Ýaryşdan ozal geçirilen metbugat maslahatynda bije çekilişik hem boldy. Şol bije çekililişigiň netijesinde türkmenistanly dzýudoçylaryň garşydaşlary belli boldy.

90 kilograma çenli agram derejesi, erkekler: Tejen Tejenow (Türkmenistan) ― Ýesper Smink (Niderlandiýa).
52 kilograma çenli agram derejesi, zenanlar: Gülbadam Babamuradowa (Türkmenistan) ― Anna Peres (Ispaniýa).

Abu-Dabide geçirilýän «Uly tuwulga ― 2019-yň» rejenamasy:

Penşenbe, 24-nji oktýabr: zenanlar 46, 52 we 57 kilograma çenli; erkekler 60 we 66 kilograma çenli.

Anna, 25-nji oktýabr: zenanlar, 63 we 70; erkekler 73 we 81 kilograma çenli.

Şenbe, 26-njy oktýabr: zenanlar, 78 kilograma çenli we 78 kilogramdan ýokary; erkekler, 90, 100 kilogramlara çenli we 100 kilogramdan ýokary. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň