Tbiliside üçünji Ýüpek ýoly forumy geçirildi

23:1823.10.2019
0
4323

22 – 23-nji oktýabrda Tbilisi şäherinde üçünji Ýüpek Ýoly Forumy geçirildi, oňa Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylyk etmeginde Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Tbilisi Ýüpek Ýoly Forumyna 60-a golaý ýurtdan 2 000-den gowrak  adam, ýagny syýasy ýolbaşçylar, bilermenler we halkara guramalaryň wekilleri, işewürler gatnaşdy.

Forumda söwda, ulag we energetika, hususy telekeçilik we Gruziýanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň çäginde, şeýle hem beýleki işjeň meseleler boýunça dürli çäreler hem geçirildi.

Bu Forum Gruziýanyň Primýer-ministriniň ýolbaşçylygynda Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrligi tarapyndan guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň