Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün üç duşuşyk bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawynyň soňky tapgyryna badalga berildi.

23:4619.10.2019
0
7160

Myhmançylykda “Aşgabat” topary bilen duşuşan ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Altyn Asyr” topary 3:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, birinji orny ynamly eýelemegini dowam edýär.

Onuň çempionlyk ugrundaky esasy garşydaşy Türkmenbaşynyň “Şagadamy” hem bu tapgyryň duşuşygyny öz peýdasyna tamamlady. Aleksandr Klimenkonyň tälim berýänleri öz meýdançasynda Balkanabadyň “Nebitçisini” 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Mary derbisi bolan “Merw” – “Energetik” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

Bu tapgyryň jemleýji duşuşygy ertir geçirilip, onda “Köpetdag” “Ahaly” kabul eder.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

 “Şagadam” – “Nebitçi” – 2:1

Gollar: 6 Hydyr Ýakubow, 51 Aşyrgeldi Saryýew (“Şagadam”) – 53 Akmämmet Metdäýew (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 90+1 Nikita Gorbunow (“Şagadam”) – 42 Musaguly Çaryýew, 75 Elýas Akyýew (“Nebitçi”)

Bellik: Duşuşygyň 25-nji minutynda “Nebitçiniň” oýunçysy Nurtagan Mämmedalyýew 11 metrlik urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 600

 

 “Merw” – “Energetik” – 2:3

Gollar: 70 Şanazar Tirkişow, 76 Perman Hallyýew (“Merw”) – 26, 49 Pirmyrat Gazakow, 33 Begenç Teýmirow (“Energetik”)

Duýduryşlar: 30 Begenç Alamow (“Merw”) – 60 Serdar Annamämmedow (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 600

 

 “Aşgabat” – “Altyn Asyr” – 1:3

Gollar: 44 Azat Şamyradow (“Aşgabat”) – 45+1 Murat Ýakşiýew, 49 Mihail Titow, 90+3 Selim Ataýew (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 31 Myrat Amantaganow, 65 Nazar Towakelow, 68 Güýçmyrat Annagulyýew (“Aşgabat”) – 79 Döwletýar Berdiýew (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 400

 

20.10.2019 ý. (ýekşenbe)

 “Köpetdag” – “Ahal”

Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň