Mary şäherinde, «Maru – Şahu – Jahanyň» çäginde «Röwşen aýakgaplary» türkmen aýakgap brendiniň täze dükany açyldy.
Täze «Röwşen aýakgaplary» dükany tutuş maşgala üçin aýakgaplaryň dürli görnüşlerini hödürleýär: erkekler üçin ajaýyp nusgalar, zenanlar üçin owadan köwüşler we çepekler, şeýle hem çagalar üçin rahat we ýokary hilli aýakgaplar. Dükanda aýakgapdan başga-da, islendik keşbi tamamlamaga kömek etjek köp sanly esbaplar hödürlenýär.
«Mary şäheriniň ähli ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny täze dükanymyza gelip görmäge we özboluşlylygyňyzy hem-de stiliňizi açyp görkezjek aýakgaby saýlamaga çagyrýarys» diýip, «Röwşen aýakgaplary» dükanynyň wekili belledi.
Dükanyň ýerleşýän salgysy: Mary, «Maru – Şahu – Jahan», (Gök bazar). Telefon (+993 63) 41 35 24. Sosial ulgamdaky sahypasy.