“Qantas Airways Ltd.” kompaniýasy tarapyndan 20 sagatlyk uçuş amala aşyrylar

15:3218.10.2019
0
664

“Qantas Airways Ltd.” kompaniýasy 20 sagatlyk düşelgesiz howa gatnawyny synagdan geçirer. Nýu-Ýork – Sidney aralygyndaky uçuşda uzak wagtlap howada bolmagyň ýolagçylara we uçaryň işgärlerine nähili täsir etjekdigi öwreniler. ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinden ýerli wagt bilen 18-nji oktýabrda howa göterilen uçar, ýerli wagt bilen 20-sine Sidneýe baryp ýeter. Adatça, uçuş wagtynda ýagtylyk peseldilýän bolsa, bu gatnawda 6 sagatlap yşyklar ýakylgy durar. “Boeing 787 Dreamliner” uçary arkaly ýerine ýetiriljek gatnawda 50 ýolagçy we ekipaž bolar. Bu uçuş üçin ýörite iýmitler taýýarlandy.

Soňky ýyllarda tehnologiýada gazanylan ösüşler ýeňil we ýangyçdan tygşytly peýdalanýan uçarlary öndürmäge mümkinçilik berdi. Bu bolsa, has uzak aralygy geçip bilýän howa gämileriniň peýda bolmagyna getirdi. “Qantas” kompaniýasy 2022-nji ýyldan başlap, bu iki şäheriň arasynda yzygiderli ýolagçy gatnawyny ýola goýmagy maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň