Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Beýik Britaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

11:4917.10.2019
0
1683
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Beýik Britaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

16-njy oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri R.Meredowyň Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Hýu Stenli Filpott bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşirinde beýan edilýär.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarahereketleriniň derwaýys meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň DIM-niň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerindäkki işjeň hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler. Diplomatlar şeýle-de iki döwletiň halkara guramalarynyň çäklerindäki başlangyçlarynyň we bu edaralaryň dürli düzümlerine dalaşgärlikleriniň özara goldanylýandygynyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtadylar.

Iki döwletiň işjeň parlamentara hyzmatdaşlygynyň subutnamasy hökmünde taraplar 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen Beýik Britaniýanyň Birleşen patyşalygynyň Lordlar Palatasy bilen Parlamentara dostluk toparyny aýratyn belläp geçdiler.

Hyzmatdaşlygyň önjeýlilige gönükdirilendigini nazarda tutmak bilen türkmen tarapy Ilçä onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine gönükdirilen işinde hemmetaraplaýyn kömekleri bermäge taýýardygyny mälim etdi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň