Soňky habarlar

Arhiw

Annajahan Illekowa: “Sergiden garaşýan zadymyz daşary ýurt bazarlarynda önümlerimiziň satylmagy”

22:5415.10.2019
0
1030

Şu gün – 15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurnamagynda «Türkmenistanyň Senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Sergä gatnaşýan Aşgabat dokma toplumynyň işgäri Annajahan Illekowa Türkmeportalyň žurnalistine şeýle gürrüňler berdi.

- Salam, Türkmenistandaky ilkinji organiki önüm we beýleki täze önümleriňiz hakynda aýdyp beräýiň.

- Türkmenistandaky ilkinji organiki önüm, bedene ýakymly, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. 100% ak altyndan, ak pagtadan ybarat bolup durýar – türkmeniň öz ene-topragyndan önýän ak altyndan öndürilýän organiki önüm. Täze – täze önümler şu günki sergä niýetlenip çykaryldy, iň täze önümler hakynda aýtsak, körpe çagalarymyz üçin niýetlenen ýumşak sütükli matadan öndürlen ýumşak oýnawaçlarymyz – dürli multfilmleriň gahrymanlaryny şekillendirip, ilkinji gezek şu sergä çykaryldy.
 - Şu serginden siziň garaşýan zadyňyz näme?

- Sergiden garaşýan zadymyz birinji ýeri eýelemek, şu sergä gatnaşýan daşary ýurt işewirleriň ünsüni özümize çekmek, daşary ýurt bazarlarynda önümlerimiziň satylmagy we edýän işlerimiziň ýerine düşmegi.

- Siz beýleki tekstil önümlerinden nädip tapawutlanýaňyz?
- Öz öndürýän önümiziň hili bilen, bedene ýakymlylygy bilen, ekologiýa taýdan arassalygy bilen hem-de döwrüň talaplaryna gabat gelýänligi bilen tapawutlanýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň