Türkmenistanyň futbol ýygyndysy El-Kuweýtde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda ýerli ýygyndy bilen deňme-deň oýnady

22:5415.10.2019
0
8551

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy şu gün Kuweýtiň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. El-Kuweýt şäherindäki «Al-Kuweýt» stadionynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşykda ilkinji bolup, hasaby Türkmenistanyň ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow açdy. Futbol ýoluny Daşkendiň «Lokomotiwinde» dowam edýän tejribeli ýarym goragçy duşuşygyň 70-nji minudynda ýer eýeleriniň derwezesiniň uzak burçundan geçiren owadan pökgüsi bilen, milli ýygyndymyzyň hasapda öňe saýlanmagyna sebäp boldy. Kuweýtli futbolçylar hasaby ýarym goragçy Omar Al-Hebaýteriň 81-nji minutda geçiren pökgüsi bilen deňlediler. Duşuşygyň galan wagtynda iki tarapdan ýiti hüjümleriň ýene-de birnäçe guralan hem bolsa, hasap üýtgemedi.

Milli ýygyndymyz Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa yklymy boýunça ikinji saýlama tapgyryndaky nobatdaky duşuşygyny 14-nji noýabrda «Köpetdag» stadionynda geçirer. Şol gün milli ýygyndymyz Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň ýygyndysyny kabul eder. 19-njy noýabrda geçiriljek Türkmenistan ― Şri-Lanka duşuşygy bilen türkmen futbolçylary «H» toparçadaky bäsdeşleri bilen ikinji gezek duşuşyp başlar. 5-nji sentýabrda Şri-Lanka döwletinde geçirilen ilkinji duşuşyk türkmen futbolçylarynyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Biziň futbolçylarymyz saýlama tapgyryň çäginde indiki ýylyň 25-nji martynda Koreýa Respublikasy bilen myhmançylykda, 31-nji martda Liwan bilen Türkmenistanda, 9-njy iýunda KHDR bilen hem myhmançylykda duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň