Buzda typmagyň halkara birleşiginiň (ISU) Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde guralan nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň gyşky oýunlar sport merkezi bu abraýly halkara sport guramasynyň agzalygyna kabul edildi ― Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Türkmenistanyň gyşky oýunlar sport merkeziniň halkara sport guramasynyň agzalygyna kabul edilmegi türkmenistanly figuralaýyn typyjylaryň iri halkara ýaryşlara, şol sanda gyşky Olimpiýa oýunlarynyň saýlama bäsleşiklerine gatnaşmagyna ýol açýar.
Türkmenistanyň gyşky oýunlar sport merkezinde habar berişleri ýaly, ISU-nyň ýolbaşçylary Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilendigine we gyşky görnüşleriň yzygiderli ösdürilýändiigne uly baha berýärler.
Aşgabat şäherindäki Köpugurly sport toplumynda 2 sany buzly arena ýerleşip, ol Aziýa yklymyndaky iň iri sport desgalarynyň hatarynda durýar. Şeýle-de türkmen paýtagtynda gurlan Milli olimpiýa sport köşgünde, Türkmenistanyň IIM-niň «Galkan» buzly arenasynda sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Gyşky oýunlar sport binasynyň gurulmagy gyşky görnüşleriň welaýatlarda hem ösdürilmegini üpjün etdi.
Türkmenistanyň milli olimpiýa komiteti bilen Türkmenistanyň gyşky oýunlar sport merkeziniň bilelikde alyp baran işleriniň netijesinde halkara guramasynda (ISU) güneşli ýurdumyzda gyşky görnüşleri ösdürmek babatda döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän işlere mynasyp baha berdiler.
Buzda typmagyň halkara birleşigi gadymy sport guramalarynyň biri hasaplanyp, ol 1892-nji ýylda Sheweningende (Niderlandlar) döredilipdir. ISU öz hatarynda figuralaýyn typyjylary, konkili ýaryşýanlary we şort-trekde bäsleşýänleri jemleýär.