Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen modelýerleriniň döreden lybaslary Parižde görkezildi

19:1512.10.2019
0
1997

8-nji oktýabrda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştyab-kwartirasynyň Kabul edişler zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp, sergi we türkmen modelýerleriniň işleriniň görkezilişi guraldy – diýip, “Türkmenistan: altyn asyr” resmi internet neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guran çäresine Fransiýanyň Parlamentiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik köpçüliginiň wekilleri, şeýle hem ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynyň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň, Parižde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri gatnaşdylar. Sergä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we bu ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekillleri gatnaşdylar.

Sergide nepis türkmen halylary, dürli haly önümleri, milli şaý-sepler we sowgatlyklar, milli lybaslar, ketenileriň hem-de el keşdeleriniň nusgalary esasy orun tutdy. Serginiň kitap bölüminde Türkimenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri, şeýle hem neşirýat önümleriniň giň görnüşi, şol sanda Türkmenistanyň taryhy-medeni hem-de tebigy gözellikleri, häzirki keşbi we gazananlary barada gürrüň berýän maglumatlar kitapçalarydyr fotoalbomlar goýlupdyr.

Duşuşyga gatnaşanlara ilçihanamyzyň guran türkmen halkynyň datly tagam taýýarlamak däpleri bilen tanyşmaga we olary dadyp görmäge mümkinçilik döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň