Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly medeniýet wekilleri Tatarystanyň Ýelabuga şäherinde konsert berdiler

17:2510.10.2019
0
952

Düýn Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasyndaky Medeniýet günlerine gatnaşýan türkmen wekiliýeti derýa kenaryndaky iň gadymy şäherleriniň biri, ýaşy müňden agan Ýelabuga şäheriniň gözel ýerlerine gezelenç etdiler. Ýelabuga döwlet taryhy-binagärlik we çeperçilik goraghanasyna baryp görmekleri hem wekiliýet üçin ýatdan çykmajak täsir galdyrdy ― diýip, «Türkmenistan» gazetinde ýazylýar.

Türkmen halky bilen tatar halky umumy meňzeşliklere eýedir. Şunuň bilen baglanyşykly Ýelabuga şäherine guralan gezelenjiň, bu şäheriň Medeniýet köşgünde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertiniň hem uly ähmiýete eýe bolandygyny bellemelidiris. Bu konsertiň üsti bilen tomaşaçylar halkymyzyň milli lybaslary, şaý-sepleri bilen ýakyndan tanyş boldular.

Ýelabuga şäherine guralan gezelençden hem dostluk konsertinden soň, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary Kazan şäherine dolanyp geldiler. Şu gün, ýagny 10-njy oktýabrda olara ýene-de bir täsin şähere — Bolgary şäherine syýahat etmek garaşýar. Olar Bolgary şäheriniň muzeý-goraghanasyna hem baryp görerler.

Gezelençden soňra olar Kazan şäherine gaýdyp gelerler. Bu ýerde türkmen hem-de tatar kino wekilleriniň döredijilik duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şol bir wagtda tatarystanly dostlarymyz Tatarystanyň halklaryň dostlugy öýünde guralan ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle hem «Türkmenistanyň gözellikleri we täsinlikleri» atly syýahatçylyk we fotosergisine tomaşa etmeklerini dowam etdirýärler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň