Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostyny kabul etdi, ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
Döwlet Baştutany hem-de Belarusuň doly ygtyýarly wekili döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyp, ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny bellediler, munuň özi iki tarapyň hem uzakmöhletleýin bähbitlerine kybap gelýär.
Milli Lideri we diplomat göni işewürlik gatnaşyklaryny höweslendirmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, geljegi uly türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy muňa ýardam etjekdigini nygtadylar. Şunda Hökümetara türkmen-belarus toparyna aýratyn orun degişlidigi bellenildi.
Biziň ýurtlarymyzyň syýasy ulgamda gatnaşyklaryň oňyn tejribesine eýedigi, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýändigi nygtaldy.
Ilçi pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etmegi bilen gutlady, bu resminamany halkara bileleşigi biragyzdan goldady.
Şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek hem-de ýakyn günlerde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek geňeşiniň we Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler minitstrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibi barada pikir alşyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz hem-de diplomat ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň möhümdigi barada aýtmak bilen, medeniýet, ylym, bilim we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky pikiri beýan etdiler. Ýakyn wagtda Belarus Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ähmiýeti bellenildi.