Top.Mail.Ru

I.Mulikow Türkmenistanyň Içeri işler ministri wezipesinden boşadyldy

21:5601.10.2019
0
43574

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda guramaçylyk meselelerine-de seredildi.

Degişli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary alnyp barylýan işler, ýüze çykarylan käbir kemçilikler dogrusynda hasabat berdiler. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Polisiýanyň general-leýtenanty Mulikow Isgender Handurdyýewiç işinde we garamagyndaky düzümlere ýolbaşçylyk etmekde goýberen düýpli kemçilikleri, gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanandygy hem-de wezipe borçlaryny gödek bozandygy üçin, Türkmenistanyň Içeri işler ministri wezipesinden boşadyldy we ýörite ady polisiýanyň maýory ýörite adyna çenli peseldildi, şeýle hem ähli döwlet sylaglaryndan mahrum edildi.

Bu barda “Watan” habarlar gepleşiginde (01.10.2019) habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň