Soňky habarlar

Arhiw

“Hancoffee” haryt nyşanly kofelere isleg ýokarlanýar

13:4229.09.2019
0
1277

Türkmenistanda kofe önümçiligini ýola goýmakda ýerli telekeçiler tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda iş alyp barýan “Emeldar” hususy kärhanasy hem şu ýylyň awgust aýyndan bäri öz önümleri bilen içerki bazaryň islegini kanagatlandyrmakda netijeli işleri alyp barýar. "HANCOFFEE" haryt nyşanly kofe önümlerine bolan isleg günsaýyn ýokarlanýar. Bu bolsa önümiň öndürjiliginiň ýokarlanmagyna täsirini ýetirýär. Kärhananyň ýolbaşçysynyň gürrüň bermegine görä, her aýda kofe önümleriniň 4 tonnasy bazara hödürlenýär. Kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty bolsa 185 tonna kofe öndürmäge niýetlenen. Häzirki wagtda kärhanada süýtli kofe, cappuccino, 3'i 1' ýaly kofe görnüşlerini öndürmek ugrunda hem degişli işler alnyp barylýar.

Ýeri gelende bellesek,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Emeldar” hususy kärhanasy gurluşyk, gurluşyk-gurnama we abatlaýyş işleri, söwda, azyk önümleriniň önümçiligini ýola goýmak ýaly ugurlarda iş alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň