Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet Mukamlar köşgünde Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan konsert geçirildi

01:1227.09.2019
0
9018

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan konserti boldy - diýip, TDH ýazýar.

Baýramçylyk konserti «Şamçyragym Arkadag!» atly watançylyk aýdym bilen başlandy. Soňra konsert «Dokmaçylar» folklor toparynyň «Arkadagym toý tutýar, toýumyza gel, toýumyza!» atly kompozisiýasy bilen dowam etdirildi. Bu çykyş uly türkmen toýuna mahsus bolan dabarany emele getirdi.

Ýaş türkmenistanlylaryň — «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň, çagalar aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk konsertine özboluşly öwüşgin çaýdy. Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, belli halk aýdymçylary, opera ussatlary hem-de türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Konsertde ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisiniň folklor toparlary «Bäş welaýat — bäş dogan, bir supranyň başynda» atly kompozisiýany ýerine ýetirdiler. Bu ýerde guralan dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimiň döreden sazyna täze aýdymyň ýaňlanmagy özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Milletiň Lideriniň Kerimiň täze saz döredendigini we oňa aýdym ýazmak üçin ýurdumyzyň döredijilik işgärlerine degişli teklip edendigi hemmelere mälimdir. Ine, bu gün bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk toýunda Kerim Berdimuhamedowyň sazyna Gözel Şagulyýewanyň sözleri goşulyp döredilen täze aýdym ilkinji gezek ýaňlandy.

Sungat ussatlarynyň bilelikde ýerine ýetiren «Ýaşa, Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe!» atly täze aýdym ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde bitirilýän beýik işleriň, uly rowaçlyklara beslenip gelen şanly baýramçylygyň mukaddes senasy bolup eşidildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň