Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Konstitusiýa üýtgeşmeleri girizmäge taýýarlanýar

14:4526.09.2019
0
15874

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça öňde durýan wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahaty karar etdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň taryhy maslahatda eden çykyşynda öňde goýan wezipelerini — Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamak;.

Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky teklibi biragyzdan goldamaly hem-de Türkmenistanyň Mejlisine Konstitusion topar bilen bilelikde degişli işleri geçirip, taýýarlanylan resminamalary 2020-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine hödürlemegi tabşyrmak.

Döwlet häkimiýet edaralary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri amala aşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň